Nadan oglanyň nalasy

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Nadan oglanyň nalasy

(Mazaryň baş ujunda aglap oturan bir adamyň durmuşy hakda)

Ýaşuly adam özi hakda berdi sözläp
Diňledim onuň ýaşly gözlerine gözläp
Şeýdip başlady ol özi hakda gürrüňi
Göz ýaşlaryny süpürip başlady gürläp

"Bäş günlik ýalançyda bagtly bolmak üçin
Gerekdir Allanyň her bendesine sabyr
Men nadan bolsa gezdim ylgap öpmek üçin
Şol gyzlar diýip ejeme goýmadym gadyr

Içip gezdim şol şeraplar maňa bolup bagt
Janan gujagynda biderek sowruldy wagt
Hiç kesip-käre höwes etmedim men nadan
Hyýalda diňe şerap bilen gözel janan

Ejemjan gitdi dünýäden meni edip terk
Mähribanymsyz hijem bagtym bolmady berk
Men sebäpli Käbämjan ir ýumdy gözüni
"Şo adam aglap dowam etdi sözüni

"Wagt geçdi aradan toý tutdum aldym men ýar
Görkezeniňi görkezer eken Biribar
Gyzymdyr oglym meňzedi edil özüme
Bary gitdi göz ýaşy ýar edip gözüme

Geldim Käbäm gaşyňyzda ine men nadan
Bilmändirin men seniň hiç haçan gadryňy
Görkezenlerimi gördüm men maşgalamdan
Ejejan seniň azaltdym uzak ömrüňi

Eden bar biderek işlerime ökünýän
Öýümde ýeke ýalňyz azapda oturýan
Alla günälerimi öt diýip çokunýan
Eje bagyşla bagyşla bagyşla meni"...

....
Ata-eneňizi sylap gadryny biliň
Wagt azdyr söýülip olary mydam söýüň
Sizsiňiz bu dünýäde hakyky dosdumyz
Kaka Eje sizi söýýär bu ýürek diýiň

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Nadan oglanyň nalasy