Ýagşy aýal ýaryň bolsa

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Görjegiñä bagt bolar,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa.
Ykbal saña nagt güler,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

öñde durar gyzgyn çaýyñ,
Yzyndanam nahar taýyn,
Aýratyn bor seniñ paýyñ,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Kä bişirer manty,börek,
Et iýersiñ, ota derek,
Saçagyñda gyzgyn çörek,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Münersiñ ýagly BMW,
Gam gussa bolmaz sende,
Galkynyp ýaýnar bende,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

çagañ bolar ýedi,sekiz,
Käsi ýeke,käsi ekiz,
Göwräñ adam,güýjüñ öküz,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Bolmaz bazar meselesi,
Ýuwaş çykar tabak sesi.
Sen bolarsyñ öý eýesi,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

gül pürküler tamlaryñdan,
Gül pürküler kän ýeriñden.
Pul azaşmaz sanlaryndan,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Tapylar bar derdiñ emi,
ýaşamarsyñ 100den kemi,
Gahryñ gelse almaz demi,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa

Beýle aýal bilseñ ýek:dir,
Käbirleri diñe görkdir,
Senem ýeriñde erkek dur,
ýagşy aýal ýaryñ bolsa

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Ýagşy aýal ýaryň bolsa