Isledim

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Isledim

(hemmeleriň köňülinde bolmaly islegler)

Ähli adamda ynsap bolsa zara
Gowuşdursun Hudaýym ýary ýara
Maňlaýy ak bolsun bolmasyn gara
Şeýle bolmagyny çyndan isledim

Söýgiden hiç biri çekmesin azar
100  ýaşsyz hijem gazylmasyn mazar
Imanly satyjydan dolsun bazar
Şeýle bolmagyny çyndan isledim

Azalsyn ýaman gylyklar ylaýym
Onuň ýerine köpelsin mylaýym
Sag şatlykly ömri bersin Hudaýym
Şeýle bolmagyny çyndan isledim

Okuwa bolan höwes hiç ýatmasyn
Türkmenleriň güneşi hiç batmasyn
Dost dosduny hiç haçanam satmasyn
Şeýle bolmagyny çyndan isledim

Kesellere doga ÿa em tapylsyn
Näkes haramlaryň dili kesilsin
Ýagşylyk ýeňip ýamanlyk utulsyn
Şeýle bolmagyny çyndan isledim

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Isledim