Ilkinji mugallyma

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Ilkinji mugallym

(Ilkinji mugallymym Toýlyýewa Baýramgüle)

Harplary birme-birden öwreden
Okuwa bolan söýgi döreden
Ýagşydyr ýamanlary tanadan
Ilkinji mugallymym Baýramgűl

Ata-enäni kalpdan söýmegi
Ula kiçä hormat goýmagy
Hemişe-de edepli bolmagy
Öwreden mugallymym Baýramgül

Amallaň baryn bize öwreden
Hakyň haklygyn bize öwreden
Mydam şükür etmegi öwreden
Ilkinji mugallymym Baýramgül

Uzak bolgaý ýaşaňyz ylaýym
Belent etsin başyňyz Hudaýym
Bagtyňyzam polatdan-da gaýym
Bolsun mugallymymyz Baýramgül

Bagtymyza hemişe bar boluň
Elmydama-da siz sagdyn boluň

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Ilkinji mugallyma