Hoş galyň

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Hoş gal
(Bir dogasyz kesel ýigidiñ dosdy ýary habar almaga gelmediginde oýlan oýlanmalary.)

Ýagşylyk edip garaşyp, ýagşylyga
Çyn dostluklaryma, hakyky dostluga
Syrdaşlygyma, ynamly syrdaşlyga
Indi umyt etmerin hijem hoş galyň

Arzuw edip sabyrda, bagta garaşyp
Arzuw edip zähmetde, tagta garaşyp
Garaňkylykda, ýagty ýola garaşyp
Indi arzuw etmerin hijem hoş galyň

Söýdüm ýakynlarymy söýgä garaşyp
Söýdüm ynandym ynamlyga garaşyp
Çyndan Söýüp ýarymdan wepa garaşyp
Haky, Ata-enemi söýýän hoş galyñ

Umydgär bolup eden meň umytlarym
Arzuwlap eden ähli meň arzuwlarym
Söýüp berlen ähli meniñ hyýallarym
Hoş galyň, hoş galyň, hemmäň daş galyň

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Hoş galyň