Haýyt baýramyna

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Haýyt baýramyna gutlag

Gutly mübärek bolsun haýyt baýramy.
Indiki haýytlara Hudaý ýetirsin
Begendirip baýram ylaýym her kimi
Taňry hemmäni arzuwuna ýetirsin

Gurban baýramy ylaýym kabul bolsun
Saçaklar naz nygmatdan hemişe dolsun
Bar kişiň ýüzünde gülki höküm sürsün
Baýram hemmäň öýüne rysgal getirsin

Ilimiz ap-asuda bolsun hemişe
Sagdyn ruhubelent bolalyň barymyz
Hudaýym goldag berip mydam her işe
Barha güllesin össün Türkmen haklymyz

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Haýyt baýramyna