Dostlar

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Durmuş ýollar bilen barýar uzalyp
birde pesläp birde beýige galyp
dostlaryň köpelýär birde azalýa
olar seň derejäňi nazara alyp

Arada sataşdym tanyş bir ýüze
öz dosdy hakynda başlady söze
aýydýar dosdunyň aldap ýörenin
naýynjar nazarda bakýardy göze

Sen dost nämä gynanýaň beýle
ýalňyşma dostlugam uly güýje eýe
dosduň belkide bähbidiň üçin
aldamana mejbur bolandyr ýene

Her dürli dostlar bar gözel älemde
biri pulda biri bolsa göwünde
biri peýda bolar iş düşen wagty
biri şatlyk berer gamly günüňde

Ýöne her kimiň öz eli öz ýakasy
diýýärler dostlugyň ýokdur bahasy
a men bolsa aýdyp biljek dostlugyň
şu döwürde söňky ýeten bahasyn

Ynsan baha goýýar özüne ilki
ýa bäş ýa dört üç ýada iki
seň alan bahaň dosda bahadyr
pylanynyň dosdy diýilen zamandyr

Dostluk nämekä ol näme diýmek
şatlyk gaýgysyny gözünden bilmek
sen dosdyňy görmelisiň özüňde
bir ruh iki tende ýaşamak diýmek

Meň dosduma baryp ýatan bäşlikçi
ýagşy niýet şat ertire buşlukçy
artyk taryp ýada tankyt etjek däl
dosda diňe bagt arzuw etmekçi
Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Dostlar