Göwnüm

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Göwnüm

Jahanyň ýüzüne men gelenimde
Hiç zady duýmany galan bu göwnüm
Ata-enem kimdigin bilenimde
Hossar bardygyna guwanan göwnüm

Balalyk ýyllamda jakgyldap gezip
Heziller edip gülenje bu göwnüm
Hemişe bagtyýarja bolup gezip
Ýöremde bagtlylyga dolan göwnüm

Dostlaşamda nätanyş adam bilen
Dost-ýarlara köňlimi açan göwnüm
Mekdebe baramda gadamlar bilen
Ylymly bolmaga ýol alan göwnüm

Wagt geçip juwanlyga ýetenimde
Juwanlygyň hesretin çeken göwnüm
Bu dünýäde ilki söýgä duşamda
Jadylylyga baglanan bu göwnüm

Şeýle bagtly ýaşap ýören wagtlamda
Aýralygyň derdini çeken göwnüm
Ajaýyp bolýardy oý-hyýallamda
Emma bagtsyzlygy ýar eden göwnüm

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Göwnüm