Geçirdik 11 ýyly

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Geçirdik 11 ýyly

Okadyk biz 4-5 bahalary alyp
Başladyk biz özümize nazar salyp
16-da gezdik söýülip hem söýüp
Şeýdip geçirip göýberdik 11 ýyly

Köp getirdik mugallymlaň gaharyny
Iňlisçe aýdyp bilmän käbir sözüni
Sözlemleň tapmany eýe habaryny
Tapmany öwrenip geçirdik 11 ýyly

Käbirimiz düzýärdik eser we goşgy
Eserler bilen taryplardyk biz yşgy
Arzuwlardyk hemişe owadan köşgi
Arzuwlap geçirip göýberdik 11 ýyly

Sporta höwesjeňlilerem bizde bardy
Käbirleri men Ronaldo-da diýýärdi
Her oýunda azyndan 3 gol urýardy
Gol urup geçirip göýberdik 11  ýyly

Sungata höwesliler şeýle bir köpdi
Köpsüniň aýydýan aýdymlary repdi
Dawinçi bolmagy käbiri isläpdi
Aýdym-saz bilen geçirdik 11 ýyly

Gyzlarymyzyň elleri çakkan çeper
Güler ýüzli dili bolsa balu şeker
Fasonlary düzip köýnek ýaka tiker
Çeperler bilen geçirdik 11  ýyly

Ussatdy köpümiz tehnika ýoluna
Sazlaýardy näsaz zat düşse goluna
Iş görerdiler seredip sag-soluna
Ussatllar bilen geçirdik 11 ýyly

Gynanmaýan men çalt geçenine wagtym
Bu durmuşuň hiç özgermeýän kadasy
Mähriban synpdaşlarym siz meniň bagtym
Bagtdan doly bolsun hemmeleň ýodasy

Ýokary okuw jaýa giriň ylaýym
Penahynda saklasyn sizi Hudaýym
Görjegiňiz ýagşylyk bolsun mydama
Çowluk söýdürsin Allam her bir adama

Mugallymlaryň jany mydam sag bolsun
Ýetişdirdi bizi nahal edip ynha
Şol nahallar uly miweli bag bolsun
Türkmenleriň ýaşlary güllesin barha

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Geçirdik 11 ýyly