Geçip barýar

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Geçip barýar
(ýaş uly adamyň adyndan)

Okuwa baranymyz ýaňy ýalydy
Ynha bu gűn 18 ýaş geçip barýar
Söýgi göýä biz üçin güýçli jadydy
Ynha bu gün aňymyzam ösűp barýar

Durmuş biz üçin süp-süýji duýulýardy
Ynha köňül ajylaram dadyp barýar
Ýürekde ýanýan diňe söýgi odydy
Şol alaw hem ynha bu gün sönüp barýar

Bu ýaşlygymyz bahar pasly kimindi
Yhna bu günem pasylam çalşyp barýar
Bagt bize elmydama ýarandy indi
Bagtsyzlyk biziň ýüregi ýakyp barýar

Bu jahyl köňül köplerini söÿýärdi
Ýöne köpleriň biri ýar bolup barýar
Hyýalda ýarym bilen bagtly bolýardy
Ýöne ýar bu boýuna tanap dakyp barýar

Kakam hem Ejem garramajak ýalydy
Emma olar hem gün-günden solup barýar
Bu durmuş biz üçin oýunjak ÿalydy
Emma durmuş bizi gurjak edip barýar

Ähli işi ederdik çalt hem-de çakkan
Emma ol güýç-kuwwat bilden gidip barýar
Wagtyň gadyryny bilmäni biz ýaşkan
Yhna wagtam gadyryn bildirip barýar

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Geçip barýar