Gam

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Gam

Söýüp söýülip gezjek bolýaň guwanyp
Ýaryňa mydam gezjek bolýaň ynanyp
Mydam dostlaňa gezjek bolýaň daýanyp
Emma hemişe hökmüni ýöredýär Gam

Bagta ýetjek bolup kynçylygy ýeňip
Derdiň müňlerçesini bu başyň çekip
Ajy göz ýaşlary gözleriňden döküp
Şonça çekseňem derdi, ýene gelýär gam

Çagalykda çatmaz akylyň hiç zada
Ýaşlygyňda bolýandyrsyň örän sada
Ulalaňda bilýäň bagt ýöne boş wada
Durmuşda görjegiň durşuna görgi, gam

Bu dertler hemmeleriň bardyr başynda
Dostlar duşmanlar köpdür hemmäň daşynda
Dilegim hiç kimsäniň juwan ýaşynda
Daşyny gurşamasyn hijem gussa gam

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Gam