Gaçýar

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Gaçýar

Wagt uçýan ýaly örän çakkan geçýär
Wagt hemmeleriň içki syryn açýar
Bu ÿalançy dünýäde kakylsaň sen
Dostlaryň ähliside senden gaçýar

Käsi haklar ýürekdäki söýgisin
Käsi saklar ýürekdäki duýgusyn
Käsi tapar bäş minutda başgasyn
Baýy diýip garyp ýaryndan gaçýar

Käbiri şeýtanyň bolar ýarany
Käbiri Allanyň bolar ýarany
Käbiri baýap,unudar Allany
Pulum bolsa diýip imandan gaçýar

Saparmyrat ýaş bolsada bu başym
Dostdyr duşmanlardan dolydyr daşym
Adalat islär şahyr köňül hoşum
Emma käbiri adalatdan gaçýar

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Gaçýar