Eýeledi

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Eýeledi

Ähli kişiň ýüregini ynsap dälde
Nebis diýen gara bela eýeledi
Gyzlaryň köňlüni mähirbanlyk dälde
Laýyn diýen ýaşyl bela eýeledi

Uýat haýa ýok bolup gidip baryndan
Şeýtan ählisiniň köňlün eýeledi
Puly öňde goýup öz namys-aryndan
Ýeke garyş kagyz köňlün eýeledi

Dost tutundylar jübüsine seredip
Söýdi maşyndyr eşigine seredip
Ezizlänleriň ýüregini ýer edip
Nejislik Şularyň köňlün eýeledi

Bagtlylygyň açary pul diýip oýlap
Müň gujakda hezil edip gezip ýaýnap
Baýyn özüne ýan ýoldaş edip saýlap
Gyzyl şeýle gyzyň köňlün eýeledi

Pul tapjak diýe unutdylar Allany
Pul tapjak diýe unutdy o dünýäni
Çyndan söýen ýeke garyby söýmäni
Şeýle gyzlaň kalbyn körlük eýeledi

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Eýeledi