Harlanan söýgi

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

HARLANAN SÖÝGI
            (1-nji bölüm)

Kämahal oýlanýan özümçe şeýle
näçe söýgä orun barka gursakda
ýürekde kän söýgä orun tapylýar
diňe seni söýýän diýip dursakda

Ynha bu wakada şeýleräk boldy
söýdi iki ýürek birek biregi
düşse aşyk ýürek hasrata gaýga
ýene aşyk ýürek boldy diregi

Ikiside on ýediniň üstünde
Ieýli mežnun bolup söýgä duşdylar
wadalar berdiler arzuw etdiler
arzuw asmanynda göge uçdular

Ýigit diýdi diňe seni söýýärin
diňe seniň bilen geçýär her günim
senden özge gyza bakyp bilmerin
meniň ýeketägim hüýri-melegim

Gyz hem şeýle diýdi ýigide bakyp
diňe sensiň ýüregimiň halany
gyz kalbymda çyn söýgüni oýaryp
gülzara öwürdiň sada dünýämi

Her gün seýle çykdy iki ýaş juwan
aşyklar bagynda bile gezdiler
eli-ele berip, gujak gujakda
söýüp söýgi hakda aýdym düzdüler

Ynha hoşlaşmaly döwürem geldi
gowşyrdy ýaşlara mekdep açaryn
on ýyl okadylar mukaddes ýerde
indi ol mekdepden boldy uçurym

(2-nji bölüm)

Kä mahal görüşdi nesibe bilen
diňe tomaşada, toýlarda duşdy
iki ýaş ýürege beýle aýralyk
garaşylandan hem has agyr düşdi

Kän wagtlap göz-gözi görmedi
ýüz-ýüze sataşmady bir pursat
dem-demi almady gyzgyny bilen
ýaş ýürege doldy gaýgyly hasrat

Ara aýlar düşdi köp zat üýtgedi
ýürekler köşeşdi öňkiden biraz
ähli bolan zatlar düşdäki ýaly
unudylyp barýar söýgide garaz

Ýöne unutmandy söýgüni ol gyz
öňküden has batly urýardy ýürek
şol ýüregiň arkaýyn urmagy üçin
söýen ýigidiň özi, söýgüsi gerek

Gyz garaşýardy gelerne ýigdiň
bir gün ýary bolup dolsam gujagna
ömrüm ötürsem şol ynsan bilen
wepa berjek baky ýarym ojagna

Ýigit bir mahal beripdi wada
durmuşym manysy çekýärin zaryň
saňa berýärin ýigitlik sözüm
diňe sen bolarsyň durmuşda ýarym

Onsekiz bahary garşylan ýaşlar
oglana gullukdan çakylyk boldy
gyzyň öýüne bir näçe ýerden
gatnaşyk açmana sawçylar geldi

(3-nji bölüm)

Gyz gözünde ýaş garaşýar ýara
onuň suratyny goýmaýar goldan
gelen sawuçylaň ählijeside
yzyna dolanýar gelen ýolundan

Aýralyk iki ýyla uzaldy
gyz üçin iki ýyl iki asyr ýaly
wagt geçdi ýigit dolanyp geldi
ýöne şol öňkülik üýtgöwsiz bary

Gyz ýene şonça garaşdy ýigide
egninde söýgüniň ýükün göterdi
bir gün ýigidiň dosdy geldide
toýunyň çakylyk hatyn getirdi

Gara gözlerinden gaýtdy bir derýa
otda köýüp ýandy, buzlykda doňdy
asmanda perwaz eden ak guşy
ganaty gyryldy tikene gondy

Şor maňlaýyndan nägile bolup
gyýyldy bagry sogruldy jany
geçen zatlary ýadyna salyp
beren wadalaryň, sözleriň hany

Wah nädeýin söýenim, janym
bu päk söýgümden ýüzüň öwürdiň
otlarda ýandyrdyň müň ataş bilen
şeýdip gül ömrüm külün sowurdyň

Bes indi aglaman söýgümiz ýatlap
senem gargaman sözleriň ýatlap
men ejizlemen, ýykylmaryn hiç
kynçylyklardanam geçerin ätläp

(4-nji bölüm)

Gyz çäresiz halda otyrdy dymyp
söýeni hakynda ýene oýlandy
gözlerin ýumdyda sessiz içinden
hyýalynda söýenine ýüzlendi

Men seniň toýuňa baryp bilmerin
seni özge bilen görüp bilmerin
ýöne uzaklardan ýüregim bilen
saňa bagtly durmuş arzuw ederin

Bu ýerde bir zat dur uly syr bolup
Ol ýigit näme üçin boldyka zalym
gyzam bilenok, menem bilemok
Ol diňe ýigidiň özüne mälim

Ýigit öýlendi toý tutdy uly
birin agladyp birin güldürdi
ilkinji söýgüsi ýadynda bolsa
öýlenjek gyzy ýanynda durdy

Geldi dost-dogany ýakyny daşy
ýene synpdaşlary geldiler bile
şolaryň içinde bir ynsan ýokdy
olam ezizläni söýgülsi diňe

Bi:r birine sorag baryn berýärdi
näme üçin gelmedi toýa pylanjan?
synpdaş sen gördüňmi jany bir sagmy
ýakynda gördüm ýördi sag-aman

Munuň bilen durmuş durup galmady
aýlanyp dur olaryň aý-ýyllary
biwepalyk kesip asyl söýgüni
iki ýana burdy söýgi ýollary
(5-nji bölüm)

Gyz durmuşa çykdy çaga-çugaly
öý ýerinde öýi başynda äri
tüf-tüf göz degmesin ýokdy kem zady
agzybir işleşip ýörler, aňyry-bäri

Ýakma bişersiň gazma düşersiň
görkezeniň görmelisiň bir güni
gül açyp gülzarda ýaşaryn öýtme
nähak ýere har edensoň bir güli

Ýigidi aýaly terk edip gitdi
atasy-enesi geçdi oguldan
dosdy-dogany, tanyş-bilişi
aýlanyp geçdiler onuň deňinden

Birden nädip beýle boldy durmuşy
aýnytdy pul onuň aşyk ýüregin
adamçylyk diýen zady unudyp
haram,nebis tutdy ynsap deregin

Ýigit öz şahsy bähbidin gözläp
öýlenipdi bir baý ataň gyzyna
nebsin öňe tutup ynsaby basyp
harama gol berdi bakman yzyna

Belki gaýynatadan bolandyr kömek
aldy satdy boldy uly söwdagär
indi bolup gitdi bir uly adam
ululygy deýin uluda sözlär

Dokuz aý göterip doguran ene
kem etmän kemala getiren ata
olary başyna täç etmäň ýer:ne
bile ýaşamaga ar edýär gaýta

(6-njy bölüm)

Ne ata hormat bar nadan oguldan
nede sylaglaýar mährem ejäni
bu giň giden mähirsiz howludan
ene-ata gowy görýä köçäni

Myhman geljek, jaýdan çykman oturyň
diýip beýik ogul käýäp atasyn
ata ýaş aýlady gara gözlerine
itekläp saldyda gurdy gapysyn

Myhman gelip gitdi açyldy gapy
içerden çykdylar ata we eje
wah döremän geçen döremän geçen
nalyş etdiler oguldan geçe

Göçürdi atasyn enesin ogul
howlynyň çetinde kiçijik kepbä
ne olary getirdi ne özi bardy
wagtam geçip dur hepdeden hepdä

Öýüne gelýänleň yzy üzlenok
olaram özi ýaly haramçyl dostlar
öwgüsin ýetirip gülüşen bolup
ýallaklap aýdyldy bir giden tostlar

Irden işe barýar biznesmen adam
köne dostlaň biri çykdy öňünden
görsede dosdyny görmedik bolup
maşynyn wazladyp geçdi deňinden

Aýalyna bermän mähir we wepa
ne gapydan geldi jora ne boýdaş
şäherden alyp ýene bir öýi
ahlaksyz ownap tutundy oýnaş

(7-nji bölüm)

Beýik dag ýaly biznesmen adam
kemsiz durmuşda geçdi ýaşlygy
bu gün bolsa däliräp, aklyn ýitirip
it deý dörüp ýör musur ýaşžigi

Şol gyzyň ahyna galdy bu ýigit
ene-ataň nalyşyn eşitdi hudaý
aýalam gargyndy has aňyrrak git
ine şonuň üçin bir däli gedaý

Söýgi oýun däl synagdyr söýgi
diýip beýik şahyr ýazdy jöwrenip
menem size şuny diýjek bolýaryn
bu söýgüni gaýta gaýta öwrenip

Käbir beýnisi çüýrükler sebäp
har boldy söýgi düşdi peslige
mähir wepa bilen gorap söýgini
götereli ýene mukaddeslige

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Harlanan söýgi