Dostlaryma

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Dostlaryma
(Begenç,Bezirgen,Joşan we beýleki dostlarym üçin)

Hiç birine deňmäne taýyňyz ýok
Siz ýaly dostlar häzir tapylanok
Synalmadyga ynanyp bolanok
Şeýle deňsizdir meniň çyn dostlarym

Ajynam süýjinem bile paýlaşdyk
Öňleri biz köpsi bilen söýüşdik
Käte degişmeler bilen degişdik
Şeýle degişmeçi meniň dostlarym

Wagtymyz geçdi şatlykda şowhunda
Dostlygymyz ýaşaýardy her günde
Mundan beýlägem ýaşagaý ylaýym
Biziň hakyky dostlugymyz her demde

Hak kömek etsin her bir işimize
Gowuşalyň barymyz söýgimize
Ýakynymyz ýaşasyn bagtymyza
Bagtly,tagtly bolgaý meniň dostlarym

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Dostlaryma