Diýdi

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Diýdi
{Degişme gatyşyk}

Birinji synpa barmazymdan öňler
Dädem hem-de Ejemjan şeýle diýdi
Synpyňda köpdür oglumjygym gyzlar
Şolardan iň oňadyn saýla diýdi

Sapakda mugallym ünsüňi bölme
Ýegenbaýew sen okamaly diýdi
Gyzlara bakyp sen zyrtaýyp gülme
Häzir sen temany aýtmaly diýdi

Ynha ýaşym ýetdi juwanlyk ýaşa
Dostlarym hez edip gezmeli diýdi
Örän köp problemalar düşdi başa
Ejem oka adam bolmaly diýdi

Näme etjegimi bilmäni durdym
Ýüregime bir pursat gulak saldym
Özge bolma özüň bol diýip aýtdy
Onuň aýdanyndan görelde aldym

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Diýdi