Ýüregime näme diýeýin

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Ýüregime näme diýeýin?

Men seni söýdüm göwnüme düşdüň
Sen meniň dünýämde bagt guşumdyň
Seni söýýän diýip elimden uçduň
Şirin sözlüm saňa näme diýeýin?

Diňe sendiň meni söýüp, söýdüren
“Seni söýýän” sözün ilki diýdiren
Söýgüň maňa nämedigini duýduran
Ýalan sözlüm saňa näme diýeýin?

Dodagyňa meňzäp gyzyl bägüller
Ilki öpeniňde saldy nä günler
Indi ol posalar kimlere güler
Bal posalym saňa näme diýeýin?

Günümem,gülümem,aýymam sendiň
Durmuşym, ýürekde ganymam sendiň
Bu gün sen özgäniň ýaryna döndiň
Biwepalym saňa näme diýeýin?

Geljekde bir gyz maňa ýar bolsa
Mähir söýgi bilen ýanyma gelse
Janym sen meni söýýäňmi diýse
Gara gözlä näme diýeýin?

A bu gün kapasada urunýa ýürek
Ýaraly ýürege diňe sen gerek
Söýýän diýsem özgä seň ýeriňe derek
Ýaraly ýüregime näme diýeýin?

Bagtly bol bagtyň saýlanyň bolsun
Her güniň, durmuşyň şatlyga dolsun
Söýeniň özüňden bäş beter söýsün
Ahyrynda saňa şeýle diýeýin.

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Ýüregime näme diýeýin