Begenç dosduma

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Bagenç dosduma gutlag

Her bir güniň geçsin agzybirlikde
Ata-eneň ýaşap wagty hoşlykda
Bagtly bolgaýsyň sen hemişelikde
Uzakdan da uzak bolsun seň ýaşyň

Dilän dilegleň bary hasyl bolgaý
Bagt,tagt,diplom,çowluk hemmesi bolgaý
Çar tarapyň ylaýym guwanja dolgaý
Uzakdan da uzak bolsun seň ýaşyň

Ähli işde eliň gelsin oňuna
Göz degmesin hijem seniň bagtyňa
Ýalçatgyn Pederleriňi geline
Süýji süýji sözler gelsin diline
Bagtlydan da bagtly bolsun seň ömrüň

Hemişe namartdan daşda saklasyn
Hemişe Allаhym seni gorasyn
Saglygy bagty gülkini ýanasyn
Uzakdan da uzak bolsun seň ýaşyň

Başardygymça düzdim ýaman görme
Magtymguly däldirin ýaş şahyr men
Hiç haçanam sen ýadyňdan çykarma
Meniň hakyky wepaly dosdum sen

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Begenç dosduma