Tapyp bilmedim

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Bagtym tapyp bilmedim

(kemsiz ýar gözlän ýarsyz galar{Türkmen nakyly})

Günüm geçdi günde görüp gyzlary
Käsiniñ ýakar saçy we sözleri
Käsiniň ýakar keşbi we gözleri
Gözlersiz sözlersiz gözelsiz galdym

Günler geçdi minut sagat ýyl sanap
Men bolsa gezdim halap soňra taşlap
Şonçadan birini bilmedim saýlap
Barybir bagtymy tapyp bilmedim

On sekizem geçdi ýigrimi bäşem
Birçene ýetdi şeýdip biziň ýaşam
Bagtsyzlygyma akdy gözden ýaşam
Gözel baryn görüp gözelsiz galdym

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Tapyp bilmedim