Bizlere iman ber

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Allam bizlere iman ber

Şeýtanyň ýolundan gorap
Ýamanyň sözünden gorap
Abraýsyzlyklardan gorap
Allam bizlere iman ber

Ýalanlara ýar etmäni
Namartlary ýar etmäni
Ýaşlygy azap etmäni
Allam bizlere iman ber

Sagdynlygy daş etmäni
Gözlerimi ýaş etmäni
Ata-enä zar etmäni
Allam bizlere iman ber

Kalbymyzy owadanlap
5 günligi abadanlap
Goýman bagta intizarlap
Allam bizlere iman ber

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Bizlere iman ber