Adamlar hakdaky pikir

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Adamlar hakdaky tankydy pikir

Söýgini etdi hemmeler oýunjak
Barynyň oýy gujakda doýunjak
Haýasyzlyk diýip ýokdur utanjak
Bolýan wepasyzlyklara haýran men

Dostlarda-da mertlik wepalylyk ýok
Betje gytyndan tapaýsaň eger sen
Dostlaryňdan lak atmany goýjak ýok
Bu bolýan namartlyklara haýran men

Käsini eşitseň agyrýar ýürek
Oňa oňat goňşy oňat dost gerek
Hiçisi diýmez maňa akyl gerek
Akyldan doly zamana haýran men

Hemmäniň dilegini etjek berjaý
Diýip aýtsa adamlara hak Hudaý
Adamlaryň bary sorardy baýlyk
Käsi diýer işsiz aljak men aýlyk

Duşmanymyň bolsun ýürek bagry gan
Özüm bolsa boljak dünýä ýeke han
Hudaýdan dilemäni nury iman
Şu dilegleri dilejek örän kän

Käbiri dilär Biribardan ony
Käbiri dilär Biribardan muny
Hiç kim dilemez Biribardan şuny
Akyl diýen hijem solmaýan güli

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Adamlar hakdaky pikir