Bagtdygyny biljek bol

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Dostum toý edýäň öýlenýäň bu gün
Sallahlykdan gidýäniňi duýjak bol
Saňa gelen bagtly şu saýlan günüň
Ömir baky gözlerinde görjek bol

Indi öňkilik ýok geçdi ýigitlik
Ýarygije käte daňdan gelerdik
Dostum indi gapdalyňda gelinlik
Meýlislerden öýe irräk geljek bol

Söýüşýän gyzlaňdan jaň gelmese
Haýran bolma gözgypaňda gülmese
Lakataňda gyzlar sözüň almasa
Şonda ýüpsiz daňylanyňy duýjak bol

Adyňa dakarlar aga hem daýy
Ýaplanyp içersiň demlije çaýy
Gök çaýdan keýplenip der gelen çagy
Şol pursadyň bagtdygyny biljek bol

Jägildäp peýdabor öýüňde soltan
Öz hökimin ýöreder söziň diňlemän
Gündiz işläp gije bolsa uklaman
Ýetişdirip miwesinden datjak bol

Bu durmuş birýaza soň eltergyşa
Şatlyk bar ýerinde gaýgyda goşa
Dostum oýundäl biliň berk guşa
Durmuş tilki sen munda möjek bol

Myhmanlar köpelsin daşdan ýakyndan
Gülüp girip gülüp çyksyn gapyňdan
Agzybir ýaşap söýüp kalbyňdan
Pikirlerini gözlerinden aňjak bol.

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Bagtdygyny biljek bol