Gülip ýatlaň Beglimi

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Wagt geçdigiçe beter küýseýän
Aglap,eňräp sojap alýan demimi
Ondokuz ýaşynda,dünýäň güýzünde
Ajal gelip alyp gitdi Beglimi

Ine şol gün, bir ýyl geçdi aradan
Dünýä urdy ýene güýzüň heslemi
Durnalaram geçip barýa asmanda
Ýada salyp wah dosdumjan Beglini

Ýok edilse gowy bordy dünýäden
Al kaksynda şeýtanyň şol demrini
Bir uçgunjyk geçip jahyl ýürekden
Alyp gitdi bu durmuşdan Beglimi

Biz hemmämiz ynsan, bende bolansoň
Heý üýtgedip bormy Hudaý emrini
Ýagşylary öz ýanyna alan soň
Gujagmyzdan alyp gitdi Beglimi

Göwünlik berýärin günde ýürege
Aglasamda çykaramok sesimi
Sebäp sesli aglasamda, gülsemde
Ilki bolup eşidýänim Beglidi

Ýagşy üçin aglasaňda zol-zol
Birhillije aýyp boljak ekeni
Ýatlananda aglamaly ynsan däl
Gowy günde gülip ýatlaň Beglimi

Hudaýyma nalamana ýok hakym
Ýagty etsin dosdum ýatan ýerini
Diläňde bitýän bolsa dilegim
Ýalbarýaryn gaýdyp beriň Beglimi

Jaýyň jennet bolsun dünýäňem ýagty
Sen ýaşarsyň ýüreklerde müdimi
Ýatlananda aglamaly ynsan däl
Gowy günde gülip ýatlaň Beglimi

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Gülip ýatlaň Beglimi