Eje meni bagyşla

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Çagakam aga,gara düşünmän
Ylgansyň daşymda dynç alman
A men bolsa gije aglap ynjalman
Eje kalbyň agyrdanym bagyşla

Bökjekläp ugradym göýä owlajyk
Nätjek çagalykda oýun oýnajak
Bazarda görüp gymmat oýunjak
Urşup şony aldyranym bagyşla

Göze dile ýakynmy men nämemi
Dakardyň sen göz monjukly bagyňy
Üzüp zyňdym düşünmäni halyňy
Şeýdip gaýga galdyranym bagyşla!

Gün-günden ulalyp gelip kemala
Hyýalym aldyryp söýgi şemala
Uzak gije bakyp ýary janana
Gelmän ýola garadanym bagyşla!

Meň şat wagtym güldüň ýylgyrdyň
Käte käýemäne dözmän ýygryldyň
Derdim görüp gözýaşlara ýugruldyň
Bilip bilmän agladanym bagyşla!

Işe diýip turýaň daňyň atmazdan
Ýary gije işläp otyň ýatmazdan
Adam etjek diýip ellä ýetmezden
Gara saçlaryň agaranyn bagyşla!

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Eje meni bagyşla