Garaşma

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Söýýänligim Köp Aýdypdym Dilberim
Ýene ,,Söýýän'' Diýerdip Garaşma
Duýdum Kalbyň Şatlyk Bilen Dertlerin
Läläm Indi Duýar Diýip Garaşma

Söýdiňmi Söýmediň? Bilmedim
Ýöne Köp Edipdiň Näzi Kereşme
Öň Näziňi Umyt Bilen Çekmeseň
Indi Näzim Çeker Diýip Garaşma

Meni Kösäp Ýürekde Dert Goýsaňam
Seni Läläm Goýman Asla Gargyşda
Saňa Gargap Bilmesemde Ezizim
Süýji Sözler Diýer Diýip Garaşma

Gamgynlygyň Duýup Aşyk Ýüregim
Seň Ýanyňa Bardym Garda,Ýagyşda
Meniň Hasrat Baryn Çekip Ýörenim
Bilip Ýene Geler Diýip Garaşma

Jalaý Ýigitlerden Goramak Üçin
Köp Dawa Tapdym Söýgi Göreşde
Ejiz Bolup Goralmaly Wagtynda
Gelip Goldag Berer Diýip Garaşma

Bagtyň Tapmaga Aňsat Däl Welin
Tapjak Bolarys Sensizlikde Durmuşda
Menden Has Gowysyny Taparsyň Emma
Mendeý Söýjek Duşar Diýip Garaşma

Meniň Günäm Seni Jandan Söýenim
Muňa Seni Ýazgarýaryn Bagyşla
Näme Bolsada Ýat Däl:A Sen Geregim
Salam Bersem Almaz Diýip Garaşma

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Garaşma