Humaýym

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Humaý

Söýgi neneň ajap täsin sen
Gidip gelişiň özi bir geň
Seni kalpdan söýüp galdym men
Kime ýokary, pes ýa-da deň

Bilmedim meni görýäňmi pes
Käte berer beýik, pese çes
Şeýle bir söýgi uly duýgy
Ýetikdir ýöne birjejik ses

Ylgadym yzyňda eýe bolmaga
Niýetim çyn ýetmek seni almaga
Dogry ýönekeýje ýigit menem
Pesden gurular beýik binalaram

Sabyrly guluna be:r Alla goldap,
Ýa-da eýe boljak bolmadym aldap,
Eger maňa ýar bolsadyň bilseň
Pully däl gezjek Görogly dek gorap

Stiw Jobs aýakgapsyz,döretdi Aýfon
Dogry aýfona döredip bilmerin
Alla beriberse 5 6 soň on
Mydam baryna şükür ederin

Sensiň söýýänim ýeketäk Humaýym
Belki sözlem söýgi döreder Hudaýym
Ýene döremese sende maňa söýgi
Zyýany ýoklaý bagtyň tapgyn ylaýym

SÝegenbaýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Humaýym