Umytlar

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Umytlarymyz

Söýgim, söýgisi, duýgym, duýgusy,
Umyt edip, köp bolar onuň görgüsi
Erk edýäň, wepalylyk hyýalyňda
Emma ol bolsa gezer öz ýolunda

Kalbyň ejiz saklap bolmaz baryn
Paýlaşýaň ýarynyň hem ýaryn
Derdiň diňläp göwünlik berer
Emma arkaňdan alar aryn

Pespäl bolmaly diýip, öňki geçenler
Emma gowy hemmä pul seçenler
Gatnaşykly gadyrdan dosmyşyn
Al saglyk bolsun diýip, içenler

Göýä meşhurlyk üçin ýazýarlar
Gije-gündiz birege çukur gazýalar
Eger garamaýak daýanjyň ýok bolsa
Gurak derýa gämi ýasap ýüzýäler

Özgäň haky haram diýen Ata-baba
Bu gepleň salynandyr zibil gaba
Göýä şäherli bolsaň derejäň uly
Asylynda şäheri şäher edýän oba

Saparmyrat aýdylan sözler köp
Emma hiç hili hiç bir netije ýok
Bu sözlerim diňe ile bolar gep
Unutmaň gündiz bolmasa gije ýok

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Umytlar