Häsiýet geljemizi ýatlap

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Gülälä doganmyzyň haýşdy esasynda Mähriban käbäsine bagyşlanýar!

Agşam üwreýärdiň ýatman sallançak
Baýram bile oýnap gülip biz jak-jak
Sorardyň galsagam düşsegem aşak
Gahyryň getirsegem diýeňok ýak

Kakam islär sen bile çaý içmegi
Ýaşlygyn ýatlap söýýärin diýmegi
Gaýtsaň islärin göýbermän guçmagy
Söýsegem başarmarys sizçe söýmegi

Alla na:la:mok, berýä, alýan, özi
Inşallah jennete-de salsyn,özi
Daşary ýurtda ýol ýapyk sebäpkär
Oguljan Gülşirin doglaň intizar

Derdimizi ýeňmäge berdiň goldag
Her ädim bize boldyň Käbäm gorag
Köplenç aýtman özümizçe syr saklap
Şonda gözmize seredip sen aňlap

Gözde duranok näme üçindir ýa:ş
Sensizlikde göterýändek agyr da:ş
Ahyryýetiň abat bolsun dilegim
Sizsiňiz çyndan goragçym, diýregim

Gorady, sorady, diýredi,diňledi
Söýdi hem duýdy, süýredi,aňlady,
Köýdi, saldyňyz, berdiňiz minnetsiZ
Aslynda Eje Ýerdäki Jennet siZ

Taryplasam tarypyň tükenmez Ene
Bakyýete perişde gitdi ýene
Jan doglanlar barka gadyryn biliň
2020-i dekabr 17nji sene

Saparmyrat meňem dilegim Jennet
Geljemizi ýatlap ady Häsiýet
Özi kösense-de balam diýe ýaşan
Diýerdi çagalarym görsün hezzet

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Häsiýet geljemizi ýatlap