Namaz jennet açarydyr

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Ýalançyda etseň günä
Her gün başyň goýup kybla
Toba kylyp etgin doga
“Namaz” jennet açarydyr

Haýyr-sogabyň çeşmesi
Barça günäleň geçmesi
Iman nuryny seçmesi
“Namaz” jennet açarydyr

Tutan rozaň bolar nanyň
Saňa güwä alar ýanyň
Kyýamatda howandaryň
“Namaz” jennet açarydyr

Muhammet alaýhis salam
Diýdi etmäň günä ýalan
Bendelere hakdan gelen
“Namaz” jennet açarydyr

Okasaň Hakyň rähnedi
Iman ýeke dünýä ýedi
Pygamberleň sünnedi
“Namaz” jennet açarydyr

Namaz kylsa içiň daşyň
Mundan gitseň ötüp ýaşyň
Syratdan geçeňde ýoldaşyň
“Namaz” jennet açarydyr

Allatagallaň şatlygy
Sogap işleň şaýatlygy
Iki dünýäň abatlygy
“Namaz” jennet açarydyr
Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Namaz jennet açarydyr