Dereje näme zat?

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Dereje näme zat?

Salam bermek edebiň başy
Bermeli ulyny görse kiçi ýaşy
Olam Allam ýatlamakdyr bilseň
Salam ýakyn eder uzagy daşy

Sähel galsalar dereje-de bary
Seňäp gezmek moda gijäň ýary
Görüpligem ilkinjisi şolaryň bilseň!
Türkmeniň türkmende barmy ary

Söýsek näme durjagy belli däl
Çumo bolýaň bolmaly azy elli däl
Zapaskaly bolmasaň döwürden yzda
Taryhyňa görä diýen Alla gyzda

Toý tutulýan ulus ilde boluwersin
Adamlar kömege mydam geliwersin
Emma hyzmat bamy diýip etmezler
Hyzmat etmegem kiçelder derejesin

Gyzlar saýtlar oglanlar ýatlara
Ynam berýärler aldanyp sözlere
Däli söz goşmak moda atlara
Ejeň ýaly şyrdaş bolmaz sizlere

Oglanlar bilen üýşmeleň bolanda
Köpräk gybat hem-de ýalandä
Gürletseň özüme super Babnik
Asyl gezip ýör biri guran gapanda

Ýakyn görüp maslahat berseler
Ýokmaz uffff bizar etdiň diýerler
Söýmez ýary wagtynda söýseler
Eýe bolman, gowy däl ol diýerler

Saparmyrat a sen nähili ýigit
Diýip sorajak ködür menden
Menem ýönekeýje şol ýigit
Ýöne hijem çykamok çenden

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Dereje näme zat?