Käbir oglanlar dert üçin doglanlar

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Käbir oglanlar, dert üçin doglanlar

Ýene-de bir waka beslenýär
Oglanlar, dert üçin doglanlar
Saparmyrat ýene seslenýär
Nämä üstün diňe ýalanlar

Alla berdi sylap perzendi
Arzuw bile şoňa guwandy
Wakany gürrüň berjek indi
Ol şeýleräk aňsyz juwandy

Täk diýip, dymyp Ata-ene
Ol bolsa dert bererdi ýene
Şeýleräk geçiberdi sene
Olaram sygmaýara çene

Bir gün gelýä gözi gök urgy
Ertesi dükan doly bergi
Ata-ene çekiberdi görgi
Ogula bular göýä sergi

Ýene meslik etdi-dä içip
Bozupdyr gyzy ol guçup
Gyza asyl pul gerek oňa
Ata-ene ýene dur seçip

Kyrk ýaşda çal saçy kimindi
Alla ýokarda hak emindi
Enesin aldy kem ol indi
Atada ýorgana bürendi

Ogul meslik etmäge ýok pul
Jübisi boşdy kart hasap nul
Paş-paş edýän diller indi lal
Ýanan diýerdi betin bol al

Kemsindi, öz edeni düşdi
Gadryn bilmän ol öňler seçdi
Ine gapy kakýar, gerek işdi
Hakykat gijem bolsa açdy

azaldy wagty Atasynyň
Olam diýdi soňky sözün
Gaýtarylmady seň sözüň
Sebäp ýetim ösüpdim özüm

Düşündi ol ogul giç emma
Meslik uzak bolsun hemmä
Halal iý we sen iç emma
Kanagat et hatda teňňä

Ýegenbaýew Saparmyrat


0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Käbir oglanlar dert üçin doglanlar