Beki Seýtäkow hakda

1 1 1

1

Beki Seýtäkow (1914-1979) Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekili[Çeşme zerur] , Türkmenistanyň halk ýazyjysy (1967), Magtymguly adyndaky baýragynyň eyesi (1966) Beki Seýtäkowyň çeper döredijiligi biziň edebiýatymyzyň taryhynda düýpli orun tutýar[Çeşme zerur] . Beki Seýtäkow 1914-nji ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Ir ene-atadan mahrum galýar. Ol ýigriminji ýyllaryň başlarynda Görogly etrabyndaky internata ýerleşdirilýär. Soňra 1931-nji ýylda Daşoguzyň mugallymçylyk mekdebini gutarýar. Ilki mugallymçylyk edýär. Edebi-döredijilik bilen gyzyklanyp, 1937-nji ýylda ol Aşgabada gelip, ilki Ýaş kommunist gazetinde medeniýet we durmuş bölüminiň müdiri, Sowet edebiýaty žurnalynyň jogapkär kätibi we soň onuň redaktory, soňra bolsa Mydam taýýar, Edebiýat we sungat gazetleriniň redaktory bolup işleýär. 1944-nji ýylda peduçilişany gutarýar. B. Seýtäkow döredijilik işine 1929-njy ýylda başlaýar. 1938-nji ýylda Ýaşlyk ady bilen onuň ilkinji goşgulary aýraryn kitap bolup çykýar. B. Seýtäkow 1954-1957 Sowet edebiýatyň kätibi, 1963-nji ýylyň oktýabryndan 1966-nji ýylyň aýaklaryna çenli Türkmenistan ýazyjylar birleşmesiniň başlygy bolup işledi. Soňra ol Sowet edebiýaty (1966-1973) žurnalyna redaktorlyk etdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda Ýazyjylar birleşiginiň edebi maslahatçysy boldy. B. Seýtäkow 1979-njy ýylyň 7-nji martynda 64 ýaşynda Moskwada aradan çykdy. Döredijiligi: B. Seýtäkowyň edebiýat meýdanyndaky ilkinji synanyşyklary entek Daşoguz welaýatynda mugallymçylyk edip ýören ýyllarynda başlanýar. Türkmen ýazyjylarynyň köpüsine häsiýetli bolşy ýaly, B. Seýtäkow hem edebi döredijilik işine sadaja şygyrlaryny ýazmak bilen girişýär. Onuň dürli mowzukda ýazan ilkinji şygyrlarynyň käbiri welayat gazetleriniň sahypasynda çap edilýär. Emma ýazyjynyň özüniň belläp geçişi ýaly, onuň bu şygyrlary hakyky edebiýatyn eserleri däl-de, diňe Edebiýaty söýüjiniň goşgy döretmekdäki synanyşyklarydy. B. Seýtäkow döredijilik işine çynlakaý suratda otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlaýar. Ýazyjy Beýik Watançylyk urşundan öňki ýyllarda käbir oçerkleri, göwrüm taýyndan çaklaňja hekaýalary ýazyp, 1953-nji ýylda proza eserleriniň ilkinji ýygyndysyny çap edip çykaran bolsa-da, bu döwürde ol, esasan, şahyr hökmünde işjeň çykyş edýär. Uruş ýyllaryna çenli B. Seýtäkowyň Ot içinde (1940), Aýazhan (1940) ýaly poemalary, Ýaşlyk (1938), Biziň döwrümiz (1941) ýaly goşgular ýygyndylary neşir edilýär. 1947-nji ýylda B.Setäkow uruş ýyllarynda we urşuň yzysüre döreden poetiki eserlerini Goşgular we poemalar ady bilen çap etdirýär. 1951-nji ýylda bolsa onuň dürli ýyllarda ýazýan proza we poeziýa eserlerini öz içine alýan Saýlanan eserleri, edil şol ýylda Gum ýeňilýär atly tutuş goşgular toplumy neşir edilýär. Öz döredijilik işine şygyr ýazmak bilen başlap, häzire çenli poeziýa eserleriniň birnäçe ýygyndysyny, dürli mowzukda ýazyp çap edip çykaran bolsa-da, B. Seýtäkow biziň edebiýatymyzyň taryhynda, şeýle hem okyjylar köpçüliginiň arasynda, esasan, belli prozaçy hölmünde äşgärdir. B. Seýtäkowyň çeper prozadaky ilkinji synanyşyklary öz başlangyjyny otuzynjy ýyllardan alyp gaýdýar. Uruş ýyllaryna çenli ýazyjy Garaçomak (1938) , Arslan (1939), Säherde (1939), Pälwan (1940), Söýşenler (1941), Serwi (1941) ýaly çaklaňrak oçerkdir hekaýalary döretdi. 1966-njy ýylda Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolan Doganlar (1959-1965) trilogiýasy diňe ýazyjynyň öz döredijilik üstünligi bolman, türkmen edebiýatynyň taryhynda uly bir wakadyr. B. Seýtäkow Bedirkent romanyny ýazmak bilen, Doganlar epopeýasyny gutarnykly tamamlady. 1972-nji ýylda Türkmenistan neşirýaty ýazyjynyň Bedirkent romanyny okyjylara ýetirdi. Bu roman özünde ýaýbaňlandyrýan wakalary boýunça Doganlar trilogiýasysynyň dowamydyr we ol ençeme gahrymanlaryň ykballaryny jemledi. Doganlar trilogiýasy we Bedirkent romany bütewilikde uly epohal eser bolmak bilen birlikde, ol edebiýatyny

0

«»



» SYegenbayew » Kalpdan setire geçirilen » Beki Seýtäkow hakda