Toý hakdaky soraglara jogap

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Oglum indi öýlendirjek dessine
Diýip birden süründiler üsdüme
Ýok diýsem gulak asman sözüme
Gulluk edip ýaňy öýe gelemde

Gyz ýok diýip tapanymda bahana
Ejem söz aýt diýdi goňşy Jahana
At dakan bolupdym ola sagana
Ýalan sözläp ol gyzy döwemde

Şeýdip bahana tapdym gezdim
Öýüň işlerini özüme dözdüm
Diýdim gyzlara bersindä dözüm
Bu işleriň kynlygyny göremde

Şeýdip ökdeleşip işlerine öýüň
Gören adam diýýär haçan seň toýuň
Ejemiň sözi ýetik sizler bir goýuň
Görerisdä ýigrimbäşe baramda

Nahar bişirýänim doly bildiler
Çörek ýapanymy köpler gördüler
Goňşy gyzlar üsdümdenem güldüler
Elde bedre sygyr sagyp duramda

Ejem diýýär aýyby ýok ediber oglum
Öýlen öýlenme seň gözel göwnüň
Bu işleri edip ýadarsyň bir gün
Şonda diňlemerin öýer diýeňde

Bir çeşmä oňarmy on çeşme dadan
Öýlensem oňaryn oýlanýan zadym
Birden peýda bolsa kiçijik adam
Uky bermez gije ýatjak bolamda

Ýaňy ýigirmi ýaş arka atyldy
Köp gyzlaryň aňyrsyna ýetildi
Men gurt bolsamam gyzlara tilki
Soň giç bolar tilkiligin bilemde

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Toý hakdaky soraglara jogap