Ýaşlyk

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Ýaşlyk döwri

Söýgi ýoluna barmyň ýaşlyk edip
Gezýärsiň mydama bezzatlyk edip
Wagtyňam geçip gidýär eken şeýdip
Göýäki sen bir perişde mysaly

Ynanýan ekeniň şübhe etmäni
Gezýän ekeniň aklyň çatmany
Dertsiz ekeniň gama batmany
Bolýan ekeniň ap-ak kagyz ýaly

Baýlygyna görküne-de görä däl
Häsiýetine görä göwün berýäň
Söýgi diýip köňüljigiň ýara däl
Hemmelerem sen hakykatdan söýýäň

Bu ýaşlygymyz nähili päkizje
Hemmejämiz ýaşlygy ýada salyp
Ýaşlygymyzda galalyň çalaja
Ýaşlygymyzdan biz görelde alyp

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Ýaşlyk