Ýaşlygym

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Çekjek bolýan
           ýaşlygymyň jylawyn
Ýollar bilen uçup
             barýa ýaşlygym
Çyny bilen gülüp
              ýatandan aglap
Günler bilen geçip
             barýa ýaşlygym

Kä hal ýada düşýär altyn çagalyk
Şol döwür edipdiris dünýä agalyk
Belki dogry bolar eňräp aglasak
Ýyllar bilen geçip barýa ýaşlygym

Diýýärler ýalançy,synagly dünýe
Ertire gadam goý, seredip düýne
Ýaşlyk men senden etmeýän kine
Ýazlar bilen geçip barýa ýaşlygym

Dosdum köp belki
              çyn dosdum azdyr
Şol azlar dünýäme
                bahardyr ýazdyr
Duşmanym ýok ýeke
                begenýän zadym
Azlar bilen geçip
               barýa ýaşlygym

Toýlarda bökdürip daňdana çenli
Şowhunyň içine äkidýäň meni
Joşara getirýä sazlaryň heňi
Sazlar bilen geçip barýa ýaşlygym

Ýaşlygyň islegi şatlyk we gülki
Söýmäne çagyrýar gyzlaryň görki
Näzlenip alýarlar ýürekden erki
Näzler bilen geçip barýa ýaşlygym

Ýaşlyk men sende
            söýgini duýdum
Niçe gara göze
             söýýärin diýdim
Günde birin görip
             ezizläp söýdüm
Gyzlar bilen geçip
             barýa ýaşlygym

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Ýaşlygym