Üýtgemedi

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Üýtgemedi

Magtymguly öwüt berdi her bendinde
Alymlaryň bary aýtdy her sözünde
Köpsi ömür zaýlap eser döredende
Kitaplar adamlary hiç üýtgemedi

Dostdan Pederden ýokary goýdy ýary
Şeýle bolsa-da ýara biwepa bary
Erkek,aýalyň galmady namys ary
Nije zähmetler bilenem üýtgemedi

Köňüllere ýar etdiler ýamanlygy
Taňrydan soramany sag-amanlygy
Hemmesi sorady maşyndyr baÿlygy
Pul üýtgetdi baryn ylym üýtgetmedi

Käsine geler höwesiň akylyna
Käsine geler höwesiň şykylyna
Käsine geler höwesiň hereketine
Arak boldy ýary hiçsi üýtgemedi

Atasyzlar atalyla etdi höwes
Enesizler enelilä etdi höwes
Pulsuzlaram pullulara etdi höwes
Ählisi bar zadyň gadyryn bilmedi

Ýalany mydam özüne peýda bildi
Pullyjylar misginiň üstünden güldi
Aşyk bolan ýürekler gül kimin soldy
Adamlar tämiz kalply bolup bilmedi

Aýal,erkegiň edýäni boldy gybat
Gep bilen abat ýeri etdiler bibat
Muňa duşmanlaryň ählisem boldy şat
Ganymlygy birem goýjagam bolmady

Ýana-ýana bizar boldy Saparmyrat
Haka şükür şu güni görenime şat
Türkmenistan ilim bolsun mydam abat
Şeýdip şükür etmegi käsi bilmedi

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Üýtgemedi