Unudasym gelýär

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Unudasym gelýär

Baýy sylap garyby hasap etmedikleri
Şol adalatsyzlyklary unudasym gelýär
Manat diýip wepaly dosduny satanlary
Şeýle haramlaryň baryn unudasym gelýär

Adamlaryň aralaryna çöp atanlary
Şol gybatçylaryň baryn unudasym gelýär
Enesinden ýaryny ýokary goýanlary
Bigänäň guly bolany unudasym gelýär

Senden başgasyny hiç haçan söýmerin diýip
Pula satylan ýarlary unudasym gelýär
Käbirleri Kyýamat goňşylaryň biz diýip
Arkaňdan iterenleri unudasym gelýär

Özün gowy görkezip içiňdäkini sorap
Aýdanyňy seçenleri unudasym gelýär
Bahyllyk edip ýakynlaryňa gep öwredip
Öýümi dargatjaklary unudasym gelýär

Saparmyrat ýazar ýüregim doludyr dertden
Azar görmedim men Ata-ene diýlen mertden
Geçip ýalan sözlerden geçip köp baýlyklardan
Hemişe şolaryň bagrynda bolasym gelýär

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Unudasym gelýär