Ündediler

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Ündediler

Biwepalyga ündediler
Biwepa boljak bolmadym men
Namartlylyga ündediler
Namartlyk etjek bolmadym men

Ýalan geplere ündediler
Ýalançy boljak bolmadym men
Haramlylyga ündediler
Haramlyk etjek bolmadym men

Nebse gulluga ündediler
Nebsimiň guly bolmadym men
Çyn sözlüligi goý diýdiler
Hak sözliligim goýmadym men

Emma ýanymda kimler galdy
Çyn sözlä hemmeler daş boldy
Söýseň göze ajy ýaş boldy
Päkler Allaha ýoldaş boldy

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Ündediler