Söýüp bolmaýanmy men?

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Söýüp bolmaýan ýigitmi men

Hudaýa şükür adym mas özüme
Şahyrlygam berdi Allam sözüme
Orta şykylam berdi Hak ýüzüme
Şonda-da söýülmeýän ýigitmi men

Hudaýa şükür Ejemjan ýanymda
Dädemjan bolsa hemişe kalbymda
Ýa-da diýip maňa ýarym ýetimde
Şol üçin söýülmeýän ýigitmi men

Merjenlerden düzülen sözlerim bar
Haka şükür maňa mydam iman ýar
Özgäňkä bolmadym, bolmaýyn men zar
Şeýle söýüp bolmaýan ýigitmi men

Başgalar ýaly jübim pully däldir
Gapymda Leksusjagaz duran däldir
Pederim harama el uran däldir
Halal bolsamam söýülmeýänmi men

Çyn sözi besledim bolsada ajy
Kimiň kalbynda turuzdy ýigrenji
Kimiň ýüregine boldy bu sanjy
Päk kalbym üçin söýülmeýänmi men

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Söýüp bolmaýanmy men?