Söýgi haty

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Alla güýji erkege gözelligi bolsa aýala beren. Köp zatlary ýeňen güýç bir gözellige ýeňlen. Gözel ýüzleriň hemmesi garransoň gider eken gözel kalplaryň hemmesi bir ömüre ýeter eken. Durmuşymyz poýuzyň relsine meňzeşinden gorkardym juda ýaman relsler mydam ýanma ýan ýöreýär. Emma bile bolmaýar hiç haçan. Ynan men seni hiç kime berip goýmaýan gerek bolsa şol gözleriňde kiprik bolup ýaşaýaryn! Men ýere düşüren zadymy gaýtaryp almagy halamaýaryn. Şonuň üçin bu sözlerimi unutman özüňe seresap bolybergin! Ýadyňdan çykarma seni janym bilen deňleşdirip söýdüm men! Men şeýle bir söýgün senden özgesine  hiç seretmäýin. Gözlerime seredip şeýle duýgunki söýgi sözüni eşideniňde men geleýin! Ýer togalak menden gaçyp hiç ýere gidip bilmeýäň! Ýeri bir ýyl ýuwuryp aýlanyp gelseňem barybir meniňki sen! Söýginiň sap asmanynda bagtymyz hakynda köşk gurarys! Kalbymyz päk bolsa jenňete hem bile gireris menzili durmuş görkezip dur biz dogry ýolda ýöreýäris! Söýgide iň möhümi ynanç biz biri-birimize ynaňýarys! käte durmuş suwa meňzeýär! reňksiz tagamsyz we yssyz ýöne ertirki gün umydy üçin ony içmäge mejbur biz! Dünýä gamlary deňiz bolsa ony sabyr gämisinde süzip geçeris! Eger aramyza şeýtan düşse oňa bilelikde daş atarys! Ortamyza hiç haçan hiç bir ynsan düşmesin! Düşsede ol bigünä bolsun seni eje meni däde diýsin! Häzir maňa senden janym akylym diýen smsler gelsin! Toýdan soň produkta pampers alyp geliň diýen smsler gelsin! Erkegi hormatlamak üçin mal dünýäň bolmagy hökmän däl. Aýalda aň düşnje bolsa ýeterlik . Erkek gyzlary goramak üçin atak horlamak üçin däl. Durmuşymy owadan edýäni söýdüm dünýädäki owadan gyzy däl! Maňa seniň gözelligiň däl maňa seniň maňa seniň saglygyň gerek! maňa seniň baýlygyň däl maňa seniň barlygyň gerek! maňa seniň aglanyň däl maňa seniň güleniň gerek! maňa senden zory däl maňa seniň diňe özüň gerek! gülim guwançdan ýaňa käte gülýäň aglaýaň sen häli dünýädäki iň.bagtly gelin bolýaň! Bu dünýädäki iň bagtly ýar diňe sende bolýar Hudaý halasa! Senden öň
ömrüm gutarsa sen barsyň diýmek diri men ! Ynanma hiç ol öldi diýse! Haýatyňa mydam şärik men! Gidip bilmeýän senden hiç uzak ynanma sen meniň gabryma! Aslynda jaýlanýaryn seniň kalbyňa!

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Söýgi haty