Ýürek sedasy

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Şat we gamgyn ýürek sedalary

Gamgyn ýüregiň sedalary

Söýýän söýýän diýip eýeledi köňlümi
Oňa sadalyk edip açypdym göwnümi
Bu gün bolsa başganyň gujagyna dolup
Gam-gussalardan doldurup gitdi ömrũmi

***
Günbe günden kalbym seni küýseýär
Näme üçindir kalbym seni halaýar
Ynha bu gün ýüregimem nalaýar
Sebäbi gereklim jogap ýazmaýar
***

Seň köňüliňi umytly eder başda
Melek oýun oýnar kiprik bile gaşda
Diňe şo gyzy görersiň düýşde huşda
Bary puç bolup gözleriñ galar ýaşda

***
Şat ýüregiň sedalary

Gözel sen gözelligiňe taý ýok
Meniň üçin senden başga aý ýok
Eger sen söwer ýar bolsaň maňa
Söýgi äleminde menden baý ýok

***

Gözel ýarym aşa näzlenme beýle
Razy bolsañ agşam çykaly seýle
Aýlanarys gürleşip söýgi hakda
Bolýa diý men tarapa gülip bakda

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Ýürek sedasy