Gözel Daşoguz

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Bu gün Daşoguzym ösýär özgerýär
Taryhy alysdan gelýän Daşoguz
Beýik ösüş bilen  geljege barýar
Ösüşler ýolundan barýan Daşoguz

Göwünler göterler ýoluňda ýörsem
Howaňdan dem alyp gülleriň görsem
Bir sellem bagyňda aýlansam dursam
Ajap şäherdigiň görýän Daşoguz

Bagyňda guşlaryň erkana uçýar
Joşup möwç urýa, Şabadyň geçýär
Bu gün jennet ülke gujagyn açýar
Ähli myhmanlara gözel Daşoguz!

Ähli ýer toý-baýram,
          şatlykly günler
Asuda,erkana
           ýaşaýar iller
Mähir we söýgüden söz
             açýar diller
Taýlara, baýrama barýan Daşoguz

Gurulýa mekdepler, çagalar bagy
Sagaldyş merkezler sagaldýar jany
Zawodlar,fabrikler gurulýar bary
Toýlara, baýrama barýan Daşoguz

Geljege umytly oglyň hem gyzyň
Ogluňdyr,gyzyňdyr şolardyr ýüzüň
Ösmegiň üçin okarys,işläris bizem
Geçmişi,geljegi beýik Daşoguz

Begmyrat Berdiýew

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Begmyrat Berdiýew eserleri » Gözel Daşoguz