Şahyryň ýüregi

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Şahyryň ýüregi

Elmydama dürs dogry sözli
Mähirden dolup duran gözli
Kä şadyýan kä gamgyn ýüzli
Bolmaly şahyryň ÿüregi

Setirinde kapyýa many
Az bolsada eseriň sany
Täsirlendiriji bu jany
Bolmaly şahyryň ýüregi

Ýüreksizlere ajap ýürek
Küreksizlere gaýym kürek
Aç köňüllere süýji çörek
Bermeli şahyryň ýüregi

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Şahyryň ýüregi