Puç bolar

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Puç bolar eken

Dost-ýar diýenleriň namartlyk edip
Söýgim diýeniň biwepalyk edip
Käbirleri saňa satgynlyk edip
Ähli arzuwlaryň puç bolar eken

Ýagşylygyň gadyryny bilmäni
Iň bolmadygynda sag bol diýmäni
Käsi gopbamsyrap hasap etmäni
Ejizje köňüller aç bolar eken

Bularyň baryna düşüneniňde
Eneň bagtdygyny bileniňde
Dünýäň ýalandygyny aňanyňda
Ählisi seň eliňden gider eken

Eý dosdumjan wagtynda gadyryny
Biliň mähribanyň ata-enäniň
Bir pursat bir çete goýup ýaryňy
Mydam şolar bolsun seniň söýýäniň
Sylamasaň Hak elden alar eken

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Puç bolar