Öýütdim

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Öýütdim

Bu ýalançy dünýäge geldim
Hakykatçyldyrlar öýütdim
Ata-eneme mähir goýdum
Mähirden ganaryn öýütdim

Çagalygymda ýaýnap gezdim
Bezzatlyk oňatdyr öýütdim
Tanyşdym soň bolsa dostlaşdym
Dostlarym mertdir öýütdim

Adamlar gözeldir sebäbi
Alla ýaradanyny bildim
Gowy diýip oýlap dünýäni
Ýaman adam ýokdur öýütdim

Şeýle ajap duýgyny duýdum
Men iller kimin ony söýdüm
Ony hakyky bagtym saýdym
Söýmek bir oňatdyr öýütdim

Şahyrlyk gowy kär öýütdim
Emma birem mydam däl eken
Duýgular kämildir öýütdim
Emma gowşaklygam bar eken

Ýegenbaýew Saparmyrat

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » SÝEGENBAÝEW eserleri » Öýütdim