Saýt düzgünamasy

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Sayt düzgünnamasy:

1) Umumy düzgünler:
1.1 Saýtda tertip üçin Admin we ýörite saýlanyp alynan moderler jogap berýär. Olar düzgüne dogry gelmeýän habarlary, mowzuklary, fotosuratlary we ş.m. pozmana doly hukuklydyr.
1.2 Düzgünleri bilmezlik sizi jezadan azat edmeýär, gaýtam bu hem düzgünpozarlyk hasaplanýar.
1.3 Saýtda umumy dil Türkmen dilidir. Diňe bialaç ýagdaýlarda başga dillerden peýdalanyp bilersiňiz, olam wagtlaýynça.
1.4 Saýtda agza bolmak bilen siz Düzgünlere razylygyňyzy bildirýäňiz.
1.5 Düzgünlerde getirilmedik başga ýagdaýlar boýunça meseleleri Admin çözýär.
1.6 Admin, agzalar girizen maglumatlar üçin jogapkär däl.
1.7 Admin düzgünleri üýtgetmäne we täze düzgünler goşmana hukukly.
1.8 Agza özüne goýlan günäni başga birine gönilemegi şert däl. Her kim özi üçin jogap berýär.
1.9 Agzalar habarlar, ballar sany, derejesi ýa-da agza bolan wagtyna seredip däl, belki başgalara edýän kömegine görä bahalanýar. Saýtda ýüzlenme siz bilen bolýar, agzaň uly-kiçiligine seredip däl.

2) Garşylyk:

2.1 Eger agza düzgünlere garşylyk görkezse, o ýagdaýda agza profili belli bir möhlete banlanýar, ýa-da profili pozulýar.
2.2 Arzlary diňe Admin görüp çykyp, karar kabul edýär, we karar sebäplerini gizläp bilýär.
2.3 Agza ban alan wagtynda başga profilden gelip habar galdyrsa ban möhleti uzaldylýar we başga profilleri pozulýar.
2.4 Eger agza profiliniň bütinleý pozulmagyny islese, bu barada Admine şahsy habar ibermeli. Bellibir wagtyň içinde haýyşyňyz ýerine ýetirilýär.
2.5 Haýsy moderi nähak diýip bilseňiz, bu barada giňişleýin Admine şahsy habar arkaly arz edip bilersiňiz.

3) Agza bolmak:

3.1 Her bir agza diňe bir profil açyp biler. Başga profiller duýduryşsyz pozulýar.
3.2 Başga agzalaryň nikini nusgalamak gadagan
3.3 Lakam(Nik) düzüminde hapa sözleri, saýt atlaryny ulanmak gadagan.
3.4 Profili birine bermek ýa-da satmak gadagan.
3.5
1) Eger siz saýt düzgünlerini birnäçe gezek pozan bolsaňyz ýa-da birnäçe profile eýe bolsaňyz siziň profil pozulýar, emma galdyran habar we mowzuklaryňyz öçürilmeýär.
2) Eger siz öz islegiňiz bn profiliňiz pozulmagyny sorasaňyz, onda aşakdaky ýol ulanylýar:
Profiliňiz pozulmaýar, emma neaktiwlenýär. Galdyran habarlaryňyz, mowzuklaryňyz pozulmaýar.

4) Mowzuk açmak:

4.1 Bir meňzeş mowzuklar açmak gadagan. Eger şeýle mowzuk bar bolsa (eger ýapylan bolsa moderlere ýa-da Admine ýüz tutuň) şol mowzukda dowam ediň.
4.2 Bir wagtyň özünde Podforumlarda bir hil mowzuk döretmek gadagan.
4.3 Admin tarapyndan ýapylan mowzuklary dowam etmek gadagan.
4.4 Mowzuk ady onuň gurluşyny(az bolsada) beýan etmeli. Kömek gerek, Mesele bar ýaly görnüşdäki mowzuklar duýduryşsyz pozulýar, ýa-da üýtgedilýär.
4.5 Forumda belli bir agza ugrukdyrylan mowzuk açmak gadagan. Beýle ýagdaýlarda şahsy habardan peýdalanyp bilersiňiz.
4.6 Milletçilik, döwlet syýasatyna aralaşmak, dini temadaky mowzuklar düýbünden gadagan.
4.7 Mowzuk açylanda, mowzuk ady diňe Uly harplardan bolmagy we dürli belgileri ulanmak gadagan.
4.8 Mowzuk açylanda, mowzuga degişli ähli maglumatlar, hekaýa, eser, goşgy, makala ýa başga zat bolsa hem, şol mowzukda dowam edilmeli. Täzeden mowzuk edip açmak gadagan.

5) Habar ýazmak:

5.1 Mowzuklarda hiç hili(ýa-da örän az) maglumata eýe bolan habarlar ýazmak gadagan.
5.2 Bellenen mowzukdan çetleşmek, mowzuga degişli däl bolan habar ýazmak gadagan.
5.3 Şahsy dawa sebäpli gödek ýazmak(kakdyrmak), masgaralamak gadagan.
5.4 Dogrydan dogry salgy goýup, çatda, forumda saýta teklip etmek gadagan. Onuň üçin ilki Adminden rugsat alynmaly.
5.5 Hapa sözleri ulanyp habar galdyrmak gadagan.
5.6 Habar teksti nädogry, ýalan maglumatlardan ybarat bolmaly däl.
5.7 Habar tekstini aşakdaky ýollar bilen ýazmak gadagan:
5.7.1 Çendenaşa smaýl ulanmak
5.7.2 Hapa sözler
5.7.3 gramatik ýalňyşlyklar
5.7.4 Çendenaşa reňk bermek
5.8 Türkmenistan kanunlaryny ýa-da saýt düzgünlerini pozmaklyga ündeýän habarlary ýazmak gadagan.
5.9 Zorluk, faşizm, terarizm, jynsparazlyk, milletçilik, din we başga Türkmenistan kanunlarynda gadagan edilen

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Saýt gollanmalary » Saýt düzgünamasy