Türkmen toýun bezär aýdymy-sazy
Kalplary jadylar, mahmal owazy
Ulynyň,kiçiniň ýürek perwazy
Aýdymçylar bilbil diýen saýranda
Buşlap ülkä bagtly günleň buşlugyn
Ruhun paýlar ile, göwün hoşlugyň
Waspyň edip watan, söýgiň, ýaşlygyň
Aýdymçylar bilbil deýin saýranda
Teşne bolsaň sungatyndan gandyrar
Hassa bolsaň aýagyňa galdyrar
Ylham berip ele galam aldyrar
Aýdymçylar bilbil deýin saýranda
Gojalarymyz dolar gujur gaýrata
Daşda galar gaýgy, hasrat, alada
Böker,oýnar hezil eder çagada
Aýdymçylar bilbil deýin saýranda
Oglan-gyzlar aýdymsazy söýerler
Ýüreklerde gyzgyn mähir duýarlar
Gojalarymyz biz oýnaýyn diýerler
Aýdymçylar bilbil deýin saýranda
Has belende galsyn jadyly sungat
Sungatdan paýlaýaň halkyma sowgat
Durmuşymyz gözelleşýär şo wagt
Böker,oýnar hezil eder çagada
Aýdymçylar bilbil deýin saýranda
Begmyrat Berdiýew