Iňlis dilini çalt öwrenmek

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Häzirki wagtda iňlis dilini öwrenmek programmalaryň dürlüligi sebäpli öňküsi ýaly kyn däl. Jübi telefonyny dogry ulanyp, garaşsyz gözlegler geçirip başarsaň taýýarlaýjy kurslaryna we dil öwrediji mugallyma gatnamagyň geregi ýok. Munuň üçin diňe höwesiň we islegiň bolmagy ýeterlikdir. Aşakdaky programmalary ýükläp alyp, täze sözleri we olaryň aýdylyşyny we grammatikasyny öwrenip bilersiňiz, maşklar we synaglar arkaly bilimiňizi güýçlendirip başararsyňyz

Quizlet – bu programmada täze leksik kartoçkalary döredip ýa-da beýleki ulanyjylardan taýýar kartalary alyp bilersiňiz. Synaga taýynlyk görýänler üçin amatly bu programma, sözleriň transkripsiýasyny görmäge we olaryň dogry aýdylyşyny diňlemäge mümkinçilik berýär.

Simpler – programma sözlük goruňy baýlaşdyrmak, grammatika düzgünleri diňlemek we düşünmek ýaly amatlyklary öz içine alýar. Bu programma dil öwrenmäge täze başlanlar üçin maslahat berilýär.

Skyeng – mugallymçylyk arkaly iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin onlaýn mekdepdir. Bu programma mugallym bilen özbaşdak ýa-da aýratyn ulanylyp bilner. Haýsy biri bilen işleşmek bolsa siziň öz islegiňize bagly.

VocApp – bu programmany ulanyp başlanlar üçin günüň sözi irden iberiler, soň bolsa manysyny we sözüň dogry ulanylmagy üçin dürli sözlemlerde nähili ulanyljakdygyny öwrenersiňiz.

EWA – kitaplar we taýýar terjimeler arkaly dil öwrenmäge kömek etjek amatly programma. Her bir ulanyjy iňlis dilini bilmek derejesine görä özüne laýyk gelýän okuw usulyny saýlap biler we kitaplary ses ýazgylarynyň üsti bilen diňläp biler.

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » SYegenbayew » Täzeliklerimiz » Iňlis dilini çalt öwrenmek